Turkmenportal logo
31.07.23
3254432544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly elektron sportçularyň Saud Arabystanynda geçiriljek iri ýaryşa gatnaşmagy mümkin
Türkmenistanly elektron sportçularyň Saud Arabystanynda geçiriljek iri ýaryşa gatnaşmagy mümkin

Global kibersport federasiýasy şu ýylyň 11 ― 16-njy dekabry aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek «Global Esports Games» halkara ýaryşynyň ugurlaryny kesgitledi.


Ýaryş elektron sportuň dört görnüşi boýunça, has takygy, DOTA 2, PUBGM, eFootball 2023 we Street Fighter 6 boýunça geçiriler.


Ýaryşa gatnaşmaga hukuk berýän saýlama duşuşyklar onlaýn görnüşinde geçiriler. Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy milli ýaryşy 15 ― 20-nji awgust aralygynda geçirmegi meýilleşdirýär. Oňa gatnaşmak üçin federasiýanyň resmi saýtyndan hasaba alnyp bolar.


Saud Arabystanyndaky ýaryş elektron sportuň türkmenistanly wekilleri üçin ukyp-başarnyklaryny görkezmegiň ajaýyp mümkinçiligi. Hut, şonuň üçin hem Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy ähli agzalaryny saýlama duşuşyklara gatnaşmaga çagyrýar.