Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly eminler FIFA-nyň Aşgabatdaky okuwlaryna gatnaşdy

15:5031.07.2023
0
27307

Aşgabatda türkmenistanly eminleriň gatnaşmagynda FIFA-nyň okuw-maslahatyna badalga berlip, ol 3-nji awgusta çenli dowam eder.

Okuw-maslahatynyň FIFA-nyň gözükdirijisi malaýziýaly Mohammad Rodzali tarapyndan geçirilýändigini bellemek gerek. Oňa bu ugurda ýerli hünärmenler, AFK-nyň gözükdirijileri Allabergen Sapaýew bilen Maksat Seýitgulyýew kömekleşýärler.

Geçirilýän maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe boýunça okuw-sapaklaryny geçip, soňunda ýörite synaglara gatnaşarlar. Okuw-maslahatynyň nazaryýet sapaklary “Sport” myhmanhanasynda, tejribe sapaklary bolsa köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän eminleriň 32-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, okuw-maslahaty 2023-nji ýylda geçiriljek ýurdumyzyň futbol çempionatyna, ýaşlar ligasyna hem-de Kubok bäsleşigine taýýarlygyň çäginde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň