Turkmenportal logo
31.07.23
2331423314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Şinnik» Homuhanyň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Şinnik» Homuhanyň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy

Ýaroslaw şäheriniň «Şinnik» futbol topary Russiýanyň Birinji ligasynyň 3-nji tapgyrynda Astrahanyň «Wolgaryny» 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, türkmenistanly baş tälimçi Dmitriý Homuhanyň topary şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.


Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda Homuha transfer bazarynda ýüze çykýan kemçilikler barada aýtdy.


― Häzir «Şinnik» üçin güýçli düzümi emele getirmek kyn. Ligada maddy taýdan bizden has gurat ýagdaýdaky 10 ― 12 klub bar. Şonuň üçin hem topara diňe güýjümiziň ýeten futbolçylaryny çagyrýarys. Transfer penjiresi 9-njy iýula çenli dowam eder, ýöne biziň mümkinçiligimiz juda pes. Elbetde, elimiden gelen işleri alyp barýarys. Ýöne, gynansagam, maddy mümkinçiliklerimiz has gowy oýunçylary almaga şert berenok.


«Şinnik» indiki duşuşygyny 5-nji awgustda «Himki» bilen geçirer.