Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi

12:5431.07.2023
0
75832

2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlaryndaky «Türkmenistan» awiakompaniýalarynyň häzirki uçuş tertibi belli boldy.

Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST), T5-901 gatnawy

Sişenbe we çarşenbe günleri:

  • uçuş 05:50-de;
  • gonuş 08:10-da.

Stambul (IST) — Aşgabat (ASB), T5-902 gatnawy

Sişenbe we çarşenbe günleri:

  • uçuş 09:45-de;
  • gonuş 15:35-de.

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST), T5-921 gatnawy

Duşenbe, penşenbe we anna günleri:

  • uçuş 18:40-da;
  • gonuş 20:40-da.

Stambul (IST) — Aşgabat (ASB), T5-922 gatnawy

Duşenbe, penşenbe we anna günleri:

  • uçuş 22:15-de;
  • gonuş 04:05-da.

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST), T5-985 gatnawy

Şenbe günleri:

  • uçuş 14:10-da;
  • gonuş 16:10-da.

Stambul (IST) — Aşgabat (ASB), T5-986 gatnawy

Şenbe günleri:

  • uçuş 17:40-da;
  • gonuş 23:30-da.

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST), T5-927 gatnawy

Ýekşenbe günleri:

  • uçuş 22:20-de;
  • gonuş 00:20-de;

Stambul (IST) - Aşgabat (ASB), T5-928 gatnawy

Duşenbe günleri:

  • uçuş 02:00-da;
  • gonuş 07:50-de.

Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynyň 8 ýurt boýunça 9 ugra gatnawlary amala aşyrjakdygyny bellemelidiris.

Awiakompaniýanyň halkara aragatnaşyk ulgamy Deli (Hindistan), Dubaý (BAE), Maýyn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Beýik Britaniýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherleri öz içine alýar.

Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmasyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň