Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlygy arzuw etdi.