Turkmenportal logo
30.07.23
2336223362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň thekwondo ýygyndysyna koreýaly ussat tälim berýär
Türkmenistanyň thekwondo ýygyndysyna koreýaly ussat tälim berýär

Thekwondo boýunça koreýaly ussat Li Jeý Su Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälim bermek üçin ýurda geldi. Ol türkmenistanly şägirtleriniň öňde duran halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmäge ukybynyň ýeterlikdigini aýtdy diýip, «Mir24» ýazýar.


Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşdan soň 32 türgen ýurduň milli ýygyndysyna çagyryldy. Koreýaly ussat olara diňe bir goranmagyň ýa hüjüm etmegiň tilsimlerini däl, eýsem, ruhy güýji terbiýelemekde hem kömekçi bolar.


Li Jeý Su Türkmenistana mundan ozal 2017-nji ýylda ― Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin gelipdir. Ol şol gezekki saparynda Türkmenistanyň we Aşgabat şäheriniň özünde uly täsir galdyrandygyny gürrüň berýär. Şonuň üçin hem ussat özüne teklip bilen çykan bäş döwletiň arasyndan Türkmenistany saýlap aldy. Koreýaly ussadyň aýtmagyna görä, türkmen türgenleriniň ukyby we yhlasy örän ýokary. Olar öňde duran halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip bilerler.