TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi

13:4830.07.2023
0
42437
TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «akylly» Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň alymlaryndan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Arkadag şäher komitetiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar şäheriň sanlylaşdyrylmagynyň dürli taraplaryny, şol sanda şäher infrastrukturasyny dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş, ulag, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin energetika ugurlarda täze tehnologiýalary ulanmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şäherde eýýäm durmuşa geçirilen taslamalaryň biri raýatlara howanyň ýagdaýy barada maglumatlary öz wagtynda almaga mümkinçilik berýän howanyň hiline gözegçilik ulgamydyr. Bu ulgam Arkadag «akyly» şäheriniň taslamasynyň bir bölegi hökmünde işlenip düzüldi we howanyň hapalanmagynyň derejesini ölçäp we ýüze çykan maglumatlary merkezi serwere geçirip bilýän şäheriň hemme ýerinde oturdylan enjamlary öz içine alýar.

Maslahatda wideo gözegçilik ulgamlaryny we adatdan daşary ýagdaýy duýduryş ulgamlaryny ulanmak ýaly şäher howpsuzlygy meselelerine-de garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň