Turkmenportal logo
29.07.23
3166131661
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň saýlanan Geňeş agzalaryna şahsyýetnamalar gowşuryldy
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň saýlanan Geňeş agzalaryna şahsyýetnamalar gowşuryldy

Şu gün Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň saýlanan Geňeş agzalaryna şäherçe saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnama gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Ýatladyp geçsek, 29-njy iýunda açylan Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň birinji saýlawlary 23-nji iýulda geçirildi.


Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 5-si saýlandy.


Şeýle hem şu gün bu ýerde Saýlaw kodeksine we «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, saýlanan Geňeş agzalarynyň birinji mejlisi geçirildi.



Şeýle-de okaň: