Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

21:5425.07.2023
0
42364

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň we saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriň hasabatlary esasynda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary bäsleşik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi guramaçylykly geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçirilen gününde hem saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 236 saýlawçydan 218-si gatnaşyp, mynasyp dalaşgäre öz seslerini berdiler. Munuň özi ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 92,37 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.

Mejlisiň dowamynda Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, geçirilen saýlawlarda saýlaw okruglarynyň 5-sinde hem bir orna iki dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigini görkezýär. Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalaryna laýyklykda, geňeş agzalarynyň 5-si saýlanyldy.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, saýlananlaryň sanawlary ýakyn günlerde ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 6-sy syn etdi.

Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň