Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar zynjyry – restoran işine döwrebap garaýyş

11:1829.07.2023
0
58279

Türkmen paýtagtynyň ýedi nokadynda ýerleşýän «Soltan» restoranlar zynjyry jemgyýetçilik iýmiti pudagyny guramaga döwrebap çemeleşmesi bilen tapawutlanýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we ýurduň baş şäheriniň myhmanlaryna dürli görnüşli tagamlar hem-de ýokary derejeli hyzmat hödürlenýär, iň esasysy bolsa, «Soltan» restoranlarynyň ýokary hünär derejeli işgärleri kärhanalaryň abraýyny islendik peýdadan ýokary hasaplap, ony belentde saklamaga çalyşýarlar.

Ilkinji «Soltan» restorany 2014-nji ýylyň dekabrynda açyldy. Restoran işini guramakda köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe kem-kemden özboluşly stili bolan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň zynjyryny döretmäge mümkinçilik berdi.

100-den 350 adama çenli dürli mukdarda myhmanlar üçin niýetlenen restoranlary açmak üçin ýerler aýratyn oýlanylyp saýlandy. Olar türkmen paýtagtynyň häzirki zaman işewür etraplarynda, iri söwda-dynç alyş merkezlerinde ýerleşýärler.

«Soltan» restoranlarynyň şübhesiz artykmaçlyklarynyň hatarynda ýokary derejeli rahatlygy, içerki bezegiň özboluşlylygyny, türk we gündogar aşhanalarynyň aglaba tagamlary bilen birlikde, milli we Ýewropa tagamlaryny öz içine alýan dürli görnüşli tagamnamany (menýuny) mysal getirmek bolar. Süýjüliklerň köpdürli görnüşi iň talapkär edilýän müşderiler üçin niýetlenendir, şol sanda bedeniniň şekilini berk gözegçilikde saklaýanlar üçin hem pes kaloriýaly görnüşler bardyr.

Myhmanlar gündogar usulynda bezelen bölümde hem, döwrebap dizaýny bolan zallarda hem wagt geçirip bilerler. Loft stilinde bezelen zallar özboluşly we döredijilikli görünýär. Şol bir wagtyň özünde, senagat stiliniň şäher aýratynlyklaryny özünde jemleýän şeýle restoranyň amatly atmosferasy ýaşlaryň we adatdan daşary dizaýn çözgütlerini halaýanlaryň arasynda onuň meşhurlygyny üpjün edýär. Şeýle hem restoranlar zynjyrynyň käbir edaralarynda Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýan eýwanlaryň bardygyny bellemek gerek.

«Soltan» restoranlarynda iş duşuşygyny ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen ýakymly oturlyşyklary geçirip bilersiňiz, şeýle hem dürli dabaralary – ýubileýleri, doglan günleri, islendik şowhunly wakalary geçirmek üçin zallary kärendesine almak mümkindir. Mysal üçin, munuň üçin «Parahat – 4» (Mir-4) kiçi etrapçasynda ýerleşýän «Soltan Loft», «Soltan Open Air» we «Soltan» restoranlarynda ähli zerur aýratynlyklar – bar, tans meýdançasy, janly aýdym-saz, uly göwrümli proýektorlar bardyr. Mundan başga-da, baýramçylyk tortlaryny taýýarlamak üçin sargytlar kabul edilýär.

Restoranlaryň birnäçesinde milli dabaralary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Myhmanlar ýokary derejeli hyzmata, ünsli işgärlere, ajaýyp aşhana ýokary baha bererler. «Soltan »restoranlary 8:00-dan 23:00-a çenli işleýärler, şonuň üçin bu ýerde diňe bir ýakymly agşam däl-de, ertirlik we günortanlyk naharyny hem edinip bilersiňiz, bu ýakynlardaky edaralaryň we işewürlik merkezleriniň işgärleri üçin has-da ähmiýetlidir. Şonuň bilen birlikde, şäheriň islendik nokadyna azyk önümlerini eltip bermek hyzmaty hödürlenýär.

Iň bolmanda bir gezek «Soltan» restoranlaryna baryp, bu lezzeti gaýta-gaýta duýmakdan ýüz öwrüp bilmejekdigiňize göz ýetirip bilersiňiz.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we belgileri:

  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
  • Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Mir-4). Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
  • Magtymguly şaýoly, 217, «Gül Zemin» SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefonlar: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
  • 2127-nji köç. (G.Kuliýew), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44;
  • 2127-nji köç. (G.Kuliýew), 72-nji jaý. Telefonlar: (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň