Turkmenportal logo
28.07.23
3853038530
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze, ýokary netijeli tehnologiýalary döretmek hem-de ösdürmek, geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek bilen bagly işleri döwrebap amala aşyrmak, şeýle hem «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezleriň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Resminama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.


Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tehnologik merkezleriň işini Düzgünnama laýyklykda alyp barmak bellenildi.