Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ adyna hoşallyk haty geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hatda, hususan-da, şeýle diýilýär:
— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüm mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz, ýürekden arzuwlaryňyz we aýratyn telefon arkaly söhbetdeşligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Özbegistanda amala aşyrylýan, halkymyzyň abadançylygyny artdyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň halkara giňişlikde abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler babatda Siziň hatyňyzda beýan edilen ýokary bahalara aýratyn sarpa goýýaryn.
Bilelikdäki tagallalarymyz bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarjakdygmyza ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

