Turkmenportal logo
28.07.23
2664526645
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy çagalar üçin tanyşdyryş duşuşygyny gurady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy çagalar üçin tanyşdyryş duşuşygyny gurady

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Ýaponiýanyň «Fujisan Chidama» çagalar sammiti bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtly ýaşlar ýyly we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda tanyşdyryş duşuşygyny gurady.


Ilçihananyň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdylar.


Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişine uly ähmiýet berýändigi we ýaş nesil babatda döwlet derejesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigi bellenildi.