Soňky habarlar

Arhiw

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Çary Amangeldiýewiň hem-de Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi açyldy

11:4428.07.2023
0
36894

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi açyldy. Halypalaryň döredijilik eserlerine bagyşlanan bu sergi 26-njy iýulda açyldy we ol bir hepde dowam eder diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Sergide Çary Amangeldiýewiň döredijiligine degişli taryhy mazmunly eserler, şahsyýetleriň portretleri, zähmetkeş halkymyzyň gündelik durmuşyny beýan edýän «Şükür bagşy», «Çendiriň berekedi», «Ümsümlik», «Söýgini ýeňmek», «Suratkeşler», «Gözellik bilen duşuşyk», «Türkmenistanyň ýaşuly ýazyjylarynyň topary», «Tümlükden ýagtylyga» ýaly eserleriniň ençemesi ýerleşdirilipdir.

Çary Amangeldiýewiň ilkinji çeperçilik tälimlerini Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralydan alandygyny bellemelidiris. Onuň döredijiliginde şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň, bagşylaryň... sözüň doly manysynda döredijilik adamlarynyň portretleriniň toplumy agdyklyk edýär.

Giň sergi zalynda Amanmuhammet Hydyrowyň eserlerini synlanyňda bolsa onuň türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Döredijilik sergisinde halypanyň «Uçuş», «Kepderili gyz», «Ömür daragty», «Daýhan zenan», «Kompozitor», «Hasyllylyk», «Gahrymanlaryň duşuşygy», «Talyp», «Işeňňir», «Ýaşuly sazanda» ýaly eserleriniň ençemesi görkezilýär. Heýkeltaraşyň agaçdan ýasan eserlerinde tebigylyk bar.

Serginiň açylyşyndaky çykyşlarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda Amanmuhammet Hydyrowyň döreden dürli taslama eserleriniň, relýefleriň hem-de medallarynyň ençemesiniň saklanylýandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň