Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy. Bu barada gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we täjigistanly wekiliýetiň 26-njy iýulda bolan ikitaraplaýyn duşuşygynyň çäginde myhmanlar Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, gullugyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam, täze tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem myhmanlar Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda döredilen iş şertleri bilen tanyşdylar, bu ýerde döredilen seljeriş merkezini gördüler. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän muzeýe, şeýle-de sport enjamlary bilen abzallaşdyrylan otaga hem-de sport zalyna baryp gördüler. Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminde myhmanlar «ASYCUDA WORLD» maglumat ulgamynyň işi bilen tanyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Täjigistanyň wekiliýeti Halkara Gümrük Terminalyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine baryp gördüler.