Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan bilermenler toparynyň mejlisine gatnaşdy. Hususan-da, bu Strategiýany durmuşa geçirmek üçin 2024 — 2026-njy ýyllar üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasyny jemlemek we ylalaşmak meselelerine garaldy.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web saýtynda bellenilişi ýaly, ylalaşylan meýilnamanyň taslamasy GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň garamagyna hödürlener.
Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza döwletleriniň syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasy 2021 — 2030-njy ýyllar üçin işlenip düzüldi.
Strategiýanyň durmuşa geçirilýän döwüri üçin hyzmatdaşlygyň maksatlary:
- içerki bazardaky syýahatçylyk akymlaryny güýçlendirmek we bilelikdäki syýahatçylyk önümini döretmek, ony dünýä bazaryna çykarmak ugrundaky tagallalara goşulmak;
- GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan bu ugurdan alnan girdejiniň ösüşi;
- ähliumumy gymmatlyklary we medeni dürlüligi goramak;
- jogapkärli, yzygiderli we hemmeler üçin elýeterli syýahatçylygyň ösmegine ýardam bermek.
Çeşmäniň bellemegine görä, häzirki wagtda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Strategiýany durmuşa geçirmek boýunça Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlanýar.