Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklibiň» hünärmeni aýna işleriniň käbir aýratynlyklary barada gürrüň berdi

11:4626.07.2023
0
32600

Adaty aýnadan, öwüşginli aýnadan, PWH we alýuminiden öý bezeg önümlerini öndürmäge ýöriteleşen «Anyk Teklip» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni bu ugurda köp berilýän sowallara interwýuda jogap berdi.

«Anyk Teklip» önümlerini öndürmekde haýsy aýnalardan peýdalanýar?

- Otagara aýna gapylary ýa-da duş kabinalarynyň gapylaryny öndürmek üçin taplanan aýnany ulanýarys. Munuň üçin aýna list ilki güýçli gyzdyrylýar we soňra tiz sowadylýar. Şol bir wagtyň özünde, onuň ýüzünde aýna goşmaça kuwwatlylyk berýän plýonka emele gelýär.

«Anyk Teklipden» adaty bolmadyk göwrümdäki aýnalary sargyt edip bolýarmy?

- Elbetde, hünärmenlerimiz ähli zerur ölçegleri taýýarlap bilýärler hem-de size gerek göwrümdäki aýnalary hem ýasap berýärler.

Aýna gapylaradyr böleklere şekilleri ýa-da kompaniýanyň nyşanlaryny ýerleşdirip bolýarmy?

- Hawa, «Anyk Teklipde» şular ýaly hyzmat ýerine ýetirilýär, munda adaty we taplanan aýna üçin UF-çap etme usuly arkaly şekiller ýerleşdirilýär.

Taplanan aýna näderejede berk?

- Taplanan aýna urgulara, degimlere we 120 gradusa çenli temperatura çydamlydyr. Bu hili aýnadan öndürilen önümleriň iň pes hyzmat möhleti 15 ýyl.

Kompaniýaňyz aralyk üçin niýetlenen aýnalary döretmekde kadaly däl boşluklar bilen işläp bilýärmi?

- Elbetde, ähli zerur ölçeglerden soň, hünärmenlerimiz kadaly däl gapy ýa-da penjire açmak üçin aýna böleklerini ýasap bilýärler.

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýetiniň taýýarlaýan önümleri bilen onuň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan, ýa bolmasa-da kompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän ofisine baryp tanyşmak bolýar: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägi, Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň