Turkmenportal logo
25.07.23
4609246092
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory kabul edildi
Aşgabatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.


Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.



Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow «ýaşyl» tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.