Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda FIBA-nyň maksatnamasyna laýyklykda basketbol ýaryşy geçiriler

13:3725.07.2023
0
30241

Daşoguz şäherinde 2007 ― 2008-nji ýylda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler. Ýaryş 27-nji iýul ― 6-njy awgust aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy 27-nji iýul ― 1-nji awgust aralygynda gyzlaryň arasynda, 1 ― 6-njy awgust aralygynda bolsa oglanlaryň arasynda ýaryşlaryň geçiriljekdigini habar berdi. Oňa Aşgabat şäherinden we ýurduň ähli sebitlerinden türgenler gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda zenanlaryň arasynda basketboluň meşhurlygyny artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Munuň üçin FIBA-nyň maksatnamalaryna laýyklykda, her ýyl yzygiderli çäreler geçirilýär. Şeýle çäre ozal Lebap welaýatynda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň