Turkmenportal logo
25.07.23
2878528785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bagtyýar Gürgenow «Kyzylkumdaky» ilkinji goluny geçirdi
Bagtyýar Gürgenow «Kyzylkumdaky» ilkinji goluny geçirdi

Türkmenistanly futbolçy Bagtyýar Gürgenow täze toparyndaky ilkinji goluny Almalyk şäheriniň AGMK toparynyň derwezesinden geçirdi.


Düýn geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda düzüminde türkmenistanly goragçyny hem goşan «Kyzylkum» Almalykda ýerli topar bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşykda «Kyzylkumyň» ikinji goluny türkmenistanly futbolçy Bagtyýar Gürgenow geçirdi.


Ýeri gelende aýtsak, ol duşuşyga esasy düzümde girdi we onuň agramly böleginde meýdanda bolup, tälimçileriň ýokary bahasyny gazandy. Bagtyýar Gürgenow häzirki wagtda Özbegistanyň çempionatyndaky ýeke-täk türkmen futbolçydysydyr.