Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky ikinji duşuşygyny geçirdi

11:0125.07.2023
0
26377

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy düýn Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky ikinji duşuşygyny geçirdi. Ýerli ýygyndysy ― täjik futzalçylary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy 2:4 hasabynda asgyn geldi.

Duşuşyk türkmen futzalçylarynyň hüjümleri bilen başlan hem bolsa, 3-nji minutda Nekruz Alimahmadow täjik ýygyndysyny hasapda öňe çykardy. 3 minut soňra Ýakup Öwezowyň şägirtleri Şiri Baýramdurdyýewiň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. Ýöne edil şol minudyň özünde Faýzali Sardorow Täjigistanyň ikinji goluny hem geçirdi.

11-nji minutda Täjigistan türkmen ýygyndysynyň derwezesine barýan dürs ýoly üçünji gezek tapdy. Bu gezek Muhammadjon Şaripow tapawutlandy. 13-nji minutda türkmen ýygyndysynyň wekili Alişer Hudaýbergenowyň gyzyl kart alyp oýundan çykarylmagyndan soňra meýdanda üç bolup galan türkmen futzalçylaryna oýny saklamak has kyn düşdi. Edil şol minutda täjigistanly Komron Aliýewiň ýerine ýetiren jerime urgusy derwezeden sowa geçdi. Barybir, pursatdan peýdalanan täjik futzalçylary 14-nji minutda Dilşod Salomowyň tapawutlanmagynda dördünji goluny hem geçirdiler. Duşuşygyň birinji ýarymy Täjigistanyň ýygyndysynyň 3:1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Ikinji ýarymda özüni dürsän türkmenistanlylar bu gezek has ýiti oýny orta goýdular. Hatda olar 36-njy minutda täjik ýygyndysynyň derwezesine ikinji goly hem geçirdiler. Bu goly dartgynly oýun pursadynda täjik oýunçysy Nekruz Idiýew öz derwezesine geçirdi. Şondan soň hasaby artdyrmak iki topara-da başartmady.

Duşuşygyň ilkinji golunyň awtory Nekruz Aliahmedow iň gowy oýunçy saýlanyldy.

Duşenbe şäherindäki köpugurly sport toplumynda geçirilen duşuşyga 1120 adam tomaşa etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň