Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan ― Türkmenistan futzal duşuşygy «Warziş» teleýaýlymynda görkeziler

19:0624.07.2023
0
36574

Futzal boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşygy «Warziş» teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Bu barada täjik telekompaniýasynyň resmi web saýty habar berýär.

Duşuşygyň göni ýaýlymda alnyp görkezilişi şu gün, 24-nji iýulda agşam sagat 20-de başlanar. «Warziş» teleýaýlymynyna Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa edip bolýandygyny ýatladýarys.

CAFA Futsal Cup-2023-iň 23 ― 30-njy iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryşa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň milli ýygyndylary gatnaşýar. Türkmen ýygyndysy 23-nji iýunda geçiren ilkinji duşuşygynda taryhy ýeňiş gazanyp, Eýranyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň