Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet uniwersiteti Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

16:3024.07.2023
0
65627

Geçen hepde Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Analitiki himiýa institutynyň wekilleri — professor Iwan Şpanik we ylmy işgär Lýudmila Hwalbota Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplar we mugallymlar üçin birnäçe leksiýa we laboratoriýa sapaklaryny geçirmekden ybarat bolan bilim işini tamamladylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.

ÝB-niň «Erasmus+» hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Bratislawada ýerleşýän Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersiteti (STU) 2022-2023-nji ýyllar üçin maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň bilim ojaklary bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda pudagara şertnama baglaşdy. Onuň maksady analitiki himiýa pudagynda mugallymçylyk tejribesini ornaşdyrmak, geljekki işlerde uniwersitetleriň arasynda özara baglanyşyk gurmak hem-de goldamak bolup durýar. Şeýle hem bu şertnamada iki uniwersitetiň mugallymlary üçin ikitaraplaýyn halkara tejribe işleri göz öňünde tutulýar.

Fiziki himiýa kafedrasynyň mugallymy, türkmen tarapynyň taslamanyň utgaşdyryjysy Nurjahan Mälikgulýewa Bratislawadaky Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersitetine iki gezek baryp, himiýa we iýmit tehnologiýasy fakultetiniň binýadynda «Gaz hromatografiýasy we ulanylyşy» mowzugy boýunça geçirilen okuwa gatnaşdy. Hromatografiki derňew usullarynyň ulanylmagy azyk barlaghanalaryna peýdaly komponentleriň we zäherli hapalaryň mazmunyna gözegçilik etmäge, galp önümleri kesgitlemäge we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygyny bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýazda bolsa bu şertnamanyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Slowakiýa Tehnologiýa uniwersitetiniň professory, taslamanyň utgaşdyryjysy Iwan Şpanik tarapyndan birnäçe leksiýa geçirildi.

Häzirki wagtda TDU «Erasmus+»-yň täze — «Howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak we durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy (HWCA) goldamak boýunça Merkezi Aziýada suw pudagynyň adam potensialyny ösdürmek» taslamasyny işe girizdi. Bu başlangyç suw çeşmelerini dolandyrmak, tygşytly peýdalanmak we gözegçiligi amala aşyrmak boýunça täze innowasion okuw meýilnamalaryny we magistr maksatnamalaryny işläp düzmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň