Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreý parlamentarileri Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler

11:2922.07.2023
0
44351

21-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary üçin Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Muzeýde myhmanlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Türkmen halysynyň özboluşly göllerinde türkmen halkynyň taryhy, durmuş filosofiýasy, türkmen topragynyň gözelligi öz beýanyny tapýar.

Koreý parlamentarileri muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň