Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iýun aýynda Türkmenistandan 2200 syýahatçy Azerbaýjana bardy

09:2322.07.2023
0
33284

Türkmenistanly syýahatçylar iýun aýynda Azerbaýjana gelýän myhmanlaryň sanyny ep-esli artdyrdylar. Geçen aýda Azerbaýjana Türkmenistandan 2200 syýahatçy bardy diýip, «Trend.az» habar berýär.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli aýyndan 3,7 esse ýokarydyr diýlip, habarda aýdylýar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda bu görkeziji 586 adama barabardy.

Bu kesgitli döwürde Azerbaýjana jemi 205 910 daşary ýurtly myhman geldi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim ýokarydyr. Geçen ýylyň degişli döwründe ýurda 170 600 daşary ýurtly myhman gelipdi.

Mundan başga-da, geçen ýyl Azerbaýjana baran türkmen raýatlarynyň sany 11 188 adamdan geçdi. Munuň özi bolsa bu geçen ýylky 2738 adamdan dört esse köpdür diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň