Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda serhetçiler taryhy gymmatlygy tapdylar

10:5921.07.2023
0
39958

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Türkmenabat serhet birikmesiniň Ýaşyldepe serhet galasynyň harby gullukçylary tarapyndan tapylan taryhy gymmatlyk bilen tanyşlyk çäresi geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetiniň elektron görnüşinde habar berildi.

Has takygy, serhetçiler taryhy küýzeleriň birini tapdylar. Arheologlaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä, bu küýzäniň XII ― XIV asyrlara degişli bolmagy çaklanylýar.

Beýik Watançylyk urşy muzeýinde ýygy-ýygydan gezelençleri gurap durýan serhetçiler taryhy gymmatlygy muzeýe tabşyrdylar. Häzir ylmy işgärler tarapyndan bu gymmatlykly düýpli öwrenmek işleri alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň