Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-koreý parlament wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

23:0420.07.2023
0
18579

Şu gün — 20-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, D.Gulmanowa myhmanlary mähirli garşylap, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony ýokary sylagyň — Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de oňa alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň soňky ýyllarda ýetilen ýokary derejesine oňyn baha berip, iki ýurduň däp bolan hem-de ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze depgin bermäge gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy.

Taraplar özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak baradaky pikiri beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, koreý parlamentarileriniň Aşgabada saparynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň bu hyzmatdaşlyga oňyn häsiýet berjekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň