Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär

22:5920.07.2023
0
29029

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çjin Pýo bilen şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda bitiren ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, şunda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

— Türkmenistan Koreýa bilen ulag ugrunda hem işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatyndaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalary Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşyp bilerler — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň