Top.Mail.Ru

Arhiw

Üm dili GAR-da resmi dil diýlip yglan edildi

17:4120.07.2023
0
32029

Günorta-Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposa günortaafrikan üm diline ýurtda resmi dil derejesini bermek hakynda Kanuna gol çekdi. Bu barada ýerli SABC teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berýär.

«Üm dili ýurduň 12-nji resmi dili boldy. Oňa täze derejäniň berilmegi GAR-yň ilatynyň agramly böleginiň hukularynyň berjaý edilmeginde möhüm ädimdir» diýip, Ramaposa nygtady.

Günortaafrikan ümlük dili ýerli halklaryň dili bolup, GAR-yň dil we medeni mirasynyň möhüm bölegidir diýip, döwletiň diwanynyň habarnamasynda aýdylýar. El hereketi bilen aňladylýan bu diliň anyk grammatik düzümi we leksikasy bolup, beýleki hiç bir dile garaşly däldir.

GAR Afrikada bu dili resmi dil hökmünde ykrar eden Keniýadan, Zimbabweden we Ugandadan soňra dördünji ýurt boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň