Turkmenportal logo
20.07.23
2657626576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÖB Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin ösüş çaklamasyny täzeledi
AÖB Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin ösüş çaklamasyny täzeledi

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Kawkaz we Merkezi Aziýa sebiti boýunça jemi içerki önümiň ösüş çaklamasyny täzeledi. Netijede, ösüş çaklamasy 2023-nji ýyl üçin 0,1 göterim, 2024-nji ýyl üçin bolsa 0,2 göterim peseldi. Bu barada Bankyň iýul aýyndaky hasabatyna salgylanyp, «Report.az» habar berdi.


Bankyň «Aziýanyň ösüş çaklamasy: hümmetsizlenmäniň öňüni almak bilen durnukly ösüş» atly bu hasabatynda bellenilişi ýaly, sebitiň ykdysadyýetiniň ösüş depgini, aprel aýyndaky çaklamalar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýyldaky 4,4 göterimden 4,3 göterime, 2024-nji ýyldaky 4,6 göterimden 4,4 göterime çenli azaldy.


«Iki üýtgeşme hem Azerbaýjan we Türkmenistan üçin pes çaklamalary görkezýär. Azerbaýjanda 2023-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda nebit-gaz önümçiligi garaşylýanyndan has azaldy» diýip, hasabatda bellenilýär.


Ozal Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistanda faktoring bazary boýunça orta möhletli çaklamasyny okyjylara ýetiripdik.