Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidda şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda lukmançylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir we bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi.
— Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesiniň hem örän ähmiýetlidigine aýratyn ünsi çekdi.
— Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.
