Turkmenportal logo
19.07.23
3937239372
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy.


14-nji iýulda bolan ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.



Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.


Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-çeh gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşyldy.