Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli forumda ara alyp maslahatlaşmak üçin ileri tutulýan ugurlary beýan etdi

23:4018.07.2023
0
20105

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, mejlisiň barşynda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy.

Birinjiden, geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleriň täzeden seljerilmelidigini aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ikinjiden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garalmalydyr.

Üçünjiden, döwletiň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Dördünjiden, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr.

Bäşinjiden, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak bilen bagly ulgamy giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Altynjydan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy, çalt depginde özgerýän hem-de ösýän döwlet hökmünde giňden tanalýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

— Şu we beýleki pudaklara, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň wajyp ugurlaryna degişli meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimize degişli hasabatlarydyr maglumatlary bermek, ol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, degişli çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň