Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi

23:3118.07.2023
0
26963

Habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýaşululary döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karary bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasy we düzümi tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň