Şu gün Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlendi, şeýle hem Maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek bilen, onuň düzümi, şonuň ýaly hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklandy. Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda karara gol çekdi.