«Senagatbank» futzal topary ligada we kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi maksat edinýär

15:3518.07.2023
0
29461

Häzirki günlerde «Senagatbank» futzal topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň şu ýylky möwsüminiň ikinji ýarymynyň ýaýbaňlandyrylmagyna we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň futzal boýunça kubogyna taýýarlyk görýär. Bu barada «Janköýer» habar berdi.

Naýbaşy futzal liganyň iki tapgyrynyň çäklerinde 11 oýunda 20 utuk toplan topar ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary bolsa öňdäki orunlarda barýar.

Toparyň baş tälimçisi Mergen Ataýew möwsümiň birinji ýarymynyň netijeleri we galan oýunlarda öňde durýan maksatlar bilen baglanyşykly sowala şeýle jogap berdi:

― Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň birinji böleginde, umuman, gowy netijeleri gazandyk. Çempionlyga dalaşgär toparlar bilen duşuşyklarda hem mynasyp oýun görkezmegi başardyk. Möwsümiň galan duşuşyklary sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde Türkmenbaşy şäherinde, oktýabr-noýabr aýlarynyň sepgidinde Mary şäherinde we dekabrda Aşgabatda geçiriler. Şol duşuşyklarda bize has-da tijenmek gerek. Ýakynda futzal boýunça milli ýygyndy toparymyz bilen geçiren duşuşygymyzy 2:2 hasabynda deňlikde tamamlamagymyz bolsa biziň möwsümiň arakesmesinde geçirýän ýygynlarymyzyň netijelidigine şaýatlyk edýär. Ýaryşlara taýýarlygymyza bankyň ýolbaşçylarynyň hem ýakyndan ýardam edýändigini bellemek gerek. Agzybirlikde çekýän zähmetimiziň gowy netije berjekdigine ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň