Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan gazak-türkmen serhediniň çäginde dynç alynýan ýerleri bolan pyýada ýollary gurar

00:0718.07.2023
0
25762
Gazagystan gazak-türkmen serhediniň çäginde dynç alynýan ýerleri bolan pyýada ýollary gurar
Surat: lada.kz

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda iki kilometrlik ýol bar. Şu aralykda dynç alyş ýerleri bolan pyýada ýollary gurlar diýip, ýurduň Jemgyýetçilik kommunikasiýalary merkezi Gazagystanyň Karakiýan etrabynyň häkimliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Surat: lada.kz

Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň sargydy esasynda şu ýyl Karakiýan etrabynyň «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokadynda täze barlag nokady gurular. Ýakynda bu etrabyň häkimi Symbat Toretaýew täze desganyň gurluşygy we barlag nokadynyň düýpli abatlanylyşy bilen tanyşdy diýip, çeşme belleýär. Etrap häkimliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanar. Taslamanyň çäginde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky iki kilometrlik ýolda dynç alyş ýerleri bolan pyýada ýollaryň gurulmagy ýolagçylar üçin amatly şertleri döreder.

Bellenilmegine görä, gurluşyk işi «KazAvtoŽol» paýdarlar jemgyýetiniň Mangistau sebitindäki bölümi tarapyndan amala aşyrylýar. Gurluşygyň uly ýük awtoulaglarynyň eýeleriniň hem-de ýolagçylaryň ýüz tutmasy esasynda amala aşyrylýandygy aýdylýar.

«Turkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alýar.

2023-nji ýylyň mart aýynda bolsa, Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­niň bu­ýur­ma­gyn­da şu ýylyň mart aýynda «Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan ser­he­di» tä­ze, döw­re­bap aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň we onuň ug­run­da­ky des­ga­la­ry­ň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça halkara bäsleşik yg­lan ed­ipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň