Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» HK-nyň önümleri russiýaly alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanýar

10:3917.07.2023
0
38858

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan meşhur «Röwşen» türkmen haryt nyşanynyň aýakgaplary daşarky bazarda işjeň ýagdaýda giň gerim alýar. Geçen ýyl Russiýada «Röwşen» HK-nyň şahamçasy açyldy. Şol günden başlap, kärhananyň önümleri her ýyl Moskwada geçirilýän iri aýakgap sergilerine gatnaşýar, şolaryň hatarynda Moskwanyň Sergiler merkezindäki «MosŞuz» we «Deri dünýäsi» (Mir koži) sergileri bardyr.

«Röwşeniň» hakyky deriden öndürilen ýokary hilli, rahat we arzan aýakgaplar russiýaly alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kärhananyň önümlerini Russiýanyň «OZON», «Lamoda» we beýleki iri söwda platformalarynda satyn almak mümkindir. Şeýle hem Podmoskowýede «Röwşeniň» önümlerini satyn almak üçin oflaýn-dükan açyldy. Russiýada her gün «Röwşeniň» müň jübütden gowrak aýakgaby satylýar.

«Röwşen» Russiýanyň sarp ediş bazaryndaky ornuny giňeltmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, hususy kärhana ýakyn wagtda «EuroShoes» halkara sergisine gatnaşar we onda «Güýz-Gyş 2024» möwsümine degişli deriden taýýarlanan erkek we zenan aýakgaplarynyň täze toplumyny tanyşdyrar.

Moskwa oblastyndaky «Röwşen» dükanynyň salgysy: Leninskiý şäher okrugy, Meşerino şäherçesi, A-105 awtoulag ýolunyň çäkleri, 31-nji km, 6-njy bina.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň