Dünýäniň 42-nji raketkasy «Uimbldonyň» zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki çempiony boldy. Has takygy, finalda dünýä sanawynyň 6-njy basgançagyny eýeläp duran tunisli Uns Jabiri ýeňlişe sezewar eden çehiýaly Marketa Wondrouşowa «uly tuwulga» ýaryşlarynda özüniň ilkinji çempionlygyny gazandy. 1 sagat 21 minut dowam eden final oýny 6:4, 6:4 hasabynda çehiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, Marketa Wondrouşowa 2,35 million funt-sterling pul baýragyna hem-de 2000 reýting utugyna eýe çykdy. Netijede ol duşenbe güni täzelenjek WTA reýtinginde öz karýerasynda ilkinji gezek top-10-lukdan (10-njy orna göteriler) ýer alar.
Ýeri gelende bellesek, tunisli Uns Jabir bassyr ikinji gezek «Uimbldonyň» finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Geçen ýyl ol aýgytlaýjy duşuşykda gazagystanly Ýelena Rybakinadan asgyn gelipdi.