Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TFF 13-nji tapgyrdaky «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygyny başga güne geçirdi

01:0217.07.2023
0
21837

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň 13-nji tapgyrynda 16-njy awgust gününe bellenen «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygyny başga bir güne geçirdi. Bu özgerişligiň sebäbi «Merwiň» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşygydyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu tapgyrda «Merw» Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol toparyny kabul eder. Bu duşuşyk 15-nji awgust güni Türkmenistanda geçiriler. Duşuşygyň ýeňijisi toparçalaýyn tapgyra goşulmak üçin 22-nji awgustda Täjigistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Hujand» bilen duşuşar.

Eger «Merw» saýlama duşuşyklarynyň ikisinde hem üstünlikli çykyş edip bilse, ýaryşyň Merkezi sebitinde «Altyn asyr» (Türkmenistan), «Rawşan» (Täjigistan) we «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) bilen bir toparçada ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň