Turkmenportal logo
16.07.23
3785337853
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly sürüjiler «Ýüpek ýoly ― 2023» rallisiniň jemleýji tapgyrynda hem öňdäki üç ornuň ikisini eýelediler
Türkmenistanly sürüjiler «Ýüpek ýoly ― 2023» rallisiniň jemleýji tapgyrynda hem öňdäki üç ornuň ikisini eýelediler

Türkmenistanly sürüjiler Russiýada geçirilen «Ýüpek ýoly» rallisiniň jemleýji ― 9-njy tapgyrynda hem ikinji we üçünji orunlary hiç bir garşydaşyna bermediler. T2 görnüşi boýunça Russiýaly Anton Melnikowyň ýeňiji bolan tapgyrynda ikinji orny Merdan Toýlyýew, üçünji orny bolsa Maksatmyrat Daňatarow eýeledi.


Tapgyrlaryň aglabasynda ilkinji dörtlükden orun alan Şamyrat Gurbanow bolsa jemleýji tapgyrda ulagyndaky näsazlyk sebäpli ornuny Leonid Petrowa bermeli boldy.



Tamamlaýjy tapgyr 117 kilometrden ybarat boldy. Şeýlelikde, ýaryş Russiýanyň 13 sebitiniň içinden geçdi.