Top.Mail.Ru

Belgiýada Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag ulgamy boýunça maslahat geçirildi

11:0616.07.2023
0
36893
Belgiýada Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag ulgamy boýunça maslahat geçirildi
Surat: newscentralasia.net

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Belgiýadaky ilçileri Sebit direktory Peteris Ustubs we Müdirligiň geňeşçisi Henrik Hololeýiň ýolbaşçylygyndaky Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Geňeşiniň baş müdirliginiň işgärleri bilen gepleşik geçirdildi. 14-nji iýulda Brýusselde geçirilen iş maslahatyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habaryna görä, diplomatlar Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag ulgamy bilen bagly taslamalar we olary durmuşa geçirmegiň ýollary baradaky gözlegleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Doly ygtyýarly wekiller, ýokarda agzalan gözleglerden gelip çykýan teklipleri netijeli durmuşa geçirmek üçin, «Ýol kartasyny» işläp düzmek baradaky tekliplerini hem beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň