Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

21:5915.07.2023
0
48103
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täjik kärdeşine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň bu gezekki saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşmak hem-de gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemek üçin türkmen kärdeşleri bilen syýasy geňeşmelere gatnaşjakdygyny belledi. Şeýle-de bu saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklaryň türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň tassyklanandygyny hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belledi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklaryň meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelmegi bilen şertlendirilendigi bellenildi.

Söhbetdeşlikde şu ýylyň sentýabr aýynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň V ýubileý konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň möhümdigi bellenildi we ýokary derejeli duşuşyklaryň däp bolan hoşniýetlilik ýagdaýynda geçiriljekdigine, olaryň netijeleriniň bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

— Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar dürli ulgamlary, şol sanda ykdysadyýet, söwda, medeniýet, bilim, ulag ulgamlaryny öz içine alýar. Biz bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki işe taýýardyrys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň