Turkmenportal logo
14.07.23
2893628936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara atçylyk akademiýasyna prorektorlar bellenildi
Halkara atçylyk akademiýasyna prorektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Seýitmyrat Orazmyradowiç Ataýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.


Şeýle-de bu täze ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine, döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Merdanbeg Artyknazarowiç Piriýew bellenilip, ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.