Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futzal eminleri AFK-nyň okuw maslahatyna gatnaşýarlar

16:0815.07.2023
0
63219

Futzal boýunça FIFA derejeli emin Timur Ramazanow bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler toparynyň ýolbaşçysy, AFK-nyň gözegçi emini Wadim Baratow Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän ýokary derejeli eminleriň maslahatyna gatnaşýar. 11-nji iýulda başlanan we 15-nji iýulda tamamlanjak maslahat Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýär.

Maslahatyň dowamynda futzal boýunça 2023 ― 2024-nji ýyllardaky käbir düzgünlerine seredilýär. Şeýle hem nazary we amaly okuwlar geçirilýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň fitnes taýýarlygy hem gözden geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak Timur Ramazanow emin, Wadim Baratow bolsa gözegçi emin hökmünde CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşyna hem gatnaşar. Sebit ýaryşy 23 ― 28-nji iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň