Turkmenportal logo
15.07.23
5248152481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýazguly Mämmedowy Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Bu barada şu gün «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, degişli Permana ilçiniň başga işe geçmegi sebäpli gol çekildi.


Ozal Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisiniň täze bellenilendigini habar beripdik.