Allaberdi Orazmämmedowiç Saparow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew bellenilip, ol bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.