Turkmenportal logo
14.07.23
138129138129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar
Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda, orta hünär okuw mekdeplerine 17 — 21-nji awgust aralygynda geçirmek tabşyryldy.


Şeýle hem döwlet Baştutanynyň gol çeken Buýrugy bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.


2023-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi ertir — 15-nji iýulda merkezi metbugatda çap ediler.