Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi

22:0714.07.2023
0
73432
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurduň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Hökümet mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilip, ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.

Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmek tabşyryldy.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň