Astanada Aziýanyň «Hekaýa etmek sungaty» komitetiniň 15-nji ýygnagynyň netijeleri jemlenip, onuň işine ýedi ýurduň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras bölüminiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa çykyş edip, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Şunda bu ugurda, ilkinji nobatda, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.
Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna giren «Görogly» eposy dilden aýdylýan türkmen halk döredijilik sungatynyň ajaýyp ýadygärligi hökmünde ykrar edildi.
Dilden hekaýa etmek däbini saklaýanlar dessançy bagşylardyr, olaryň ýerine ýetirişinde hekaýa, aýdym aýtmak, wokal improwizasiýa we milli gurallarda saz çalmak bar. Şu nukdaýnazardan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň «Küştdepdi» aýdym aýtmak we tans etmek dessurynyň, dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň girizilendigi nygtaldy.
Aziýanyň «Hekaýa etmek sungaty» komitetiniň mejlisinde şeýle-de medeni alyş-çalşy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar şu meselelere garadylar we olar boýunça degişli kararlar kabul edildi:
- 2022-2023-nji ýyllarda uly taslamalary öňe sürmek. Hususan-da, medeni mirasa, konsertlere we beýleki çärelere degişli suratly kitaplaryň bilelikdäki önümçiligi barada habarlar diňlenildi;
- komitete täze agza ýurtlaryň goşulmagy bilen baglylykda, düzgünlere üýtgetmeler girizmek;
- 2024-nji ýylda Aziýa Medeniýet Merkezinde (Guançjou ş.) geçiriljek Aziýa Medeniýet hepdeligini geçirmekde hyzmatdaşlyk.
Mejlisde Ýewraziýa ýurtlarynyň medeni baýlyklaryny öwrenmek we ulanmak, şeýle hem medeniýet we sungat ulgamynda işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly sahna çykyşlaryny kämilleşdirmek ýaly anyk bilelikdäki taslamalary öňe sürmek kararyna gelindi.
Suratly kitaplary sanlylaşdyrmak, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we medeni mirasyna esaslanýan taslamany işläp düzmek boýunça tagallalar hakynda gürrüň edildi.
Şeýle-de mejlisiň barşynda Azerbaýjan bilen suratly kitaplary goşmaça neşir etmek, Mongoliýa bilen Aziýa Medeniýet hepdeliginiň çäginde kitap sergilerini we halk sahna çykyşlaryny geçirmek, hekaýa etmek sungatynyň ussatlarynyň bilelikdäki sanawyny döretmek barada pikir alşylyp, mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri Aziýanyň «Hekaýa etmek sungaty» komitetiniň 16-njy mejlisini (2024 ý.) Azerbaýjanda, 17-nji mejlisini bolsa (2025 ý.) Mongoliýada geçirmek kararyny biragyzdan tassykladylar.